Trabzon

Isa Mesih Baradaky Hoş Habar

Gadyrly dost, biri seniň bilen Isa Mesih hakyndaky gowy habary , ýagny Hoş Habary paýlaşmak isländigi üçin bu sahypa geldiň. Bu Hoş Habaryň seniň, maşgalaňyň we dostlaryňyň bütin yaşaýşyny ömürlik özgertmäge güýji bar. Pygamberler müňlerçe ýyl öň bir Halasgäriň gelip, Hudaýyň günäleri bagyşlamagy we täze ýaşaýyş baradaky Hoş habary getirjekdigine şaýatlyk edipdirler. Ine şol aýdylan Halasgär Isa Mesihdir.

Trabzon

Oňa Hudaýyň ogly diýilyär, sebäbi zaman başlamazdan öň Ol Hudaý bilen biledi. Ol Mukaddes Ruhuň güýji arkaly eldegmedik gyzdan ýagny Merýemden bu dünýä geldi. Perişdeler Ol doglanda, Onuň garaşylýan Halasgärdigini ykrar etdiler. Isa Mesih ýer ýüzünde wagty näsaglara şypa berdi, körleriň gözüni , kerleriň gulagyny açdy, ysmazlary aýaga galdyrdy we ölüleri direltdi. Şeýle hem köp arwah-jynlary kowdy.

Trabzon

Ynsanlara Onuň yzyna eýermegi, päk ýürekli bolmagy we goňşularyny özleri ýaly söýmegiň gereklidigini öwretdi. Ýaman adamlar Isany haça çüýläp öldürdiler, ýöne Hudaýyň gözünde Isa her bir günäli adamyň yerine haçda ölüpdi. Edil Isanyň ölmezinden öň aýdyşy ýaly, ölenden üç gün soňra Ol ölümden direldi. Direlenden kyrk gün soňra göge göterildi we Patyşa ýaly Hudaýyň sagynda oturdy. Höküm günü Oňa iman eden öz halkyny halas etmek we Onuň yzyna eýermedik ynsanlaryda jezalandyrmak üçin geljek gününe çenli, Ol şol ýerde bolar.

Trabzon

Isa göge göterilenden soň, Oňa iman edip yzyna eýerenleriň günälerini bagyşlandygynyň nyşany hökmünde Mukaddes Ruhy berdi. Mukaddes Ruh, iman eden we Onuň yzyna eýerenleri Hudaýyň höküm gününe taýýarlamak we her milletden ynsanlara Hoş Habary paýlaşmak maksady bilen olary güýçlendirmek üçin gökden goýberilendir. Şol wagtdan bäri milýonlarça adamlar Isa Mesihiň yzyna eýerýär we Onuň adatdan daşary güýjüni öz durmuşlarynda görýärler. Sizi hem Isa Mesihiň yzyna eýermäge çagyrýarys.

Isa Mesih barada has çuňňur öwrenmek we Onuň yzyna nähili eýermelidigi barada bilmek isleýän bolsaňyz, Mukaddes Kitabyň Täze Äht bölüminde ýerleşýän şu kitaplary okap ýada diňläp bilersiňiz.